- il
- [i:l]1) Halk, ilat adamlar.∙ Ol öz pukaralygyna garaman, il bähbidi bardyr öýden ýerinde janyny aýamaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Iller bir eýýäm pagta gitdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Gülläp ösýän Türkmenistan ilinden şöhret saňa, dokuzynjy gurultaý! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Ýigit öýlendirilende, onuň gelniniň milletine, iline seredilmeýär. («Görogly» eposy)∙ Il oňlasa-atyňy soý. (Nakyl)∙ Il agzy keramat. (Nakyl)∙ Il aglak bolsa, doňuz depä çykar. (Nakyl)∙ Il bilen gelen-toý-da baýram. (Nakyl)∙ Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn- bogup. (Nakyl)2) Ýurt, watan.∙ Artyk ele düşmän, il aşyp bilermi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ il bolmak — Dostlukda, parahatçylykda, gowy aragatnaşykda ýaşamak.◊ ilden çykmak — Il arasynda dowam edýän däp-düzgünden, kada-kanundan çykyp bir iş etmek.∙ Men ilden çykan mülhit bilen sud öňünde durmagy özüme namys bilýän. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ ile meňzeş etmek1) Bir zady idili ýerine ýetirmek.2) Öýli -- işiikli etmek, öýermek.∙ Aýu, kakasy Annagulyny hem ile meňzeş edip goýbereli. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.